Kurtulmuş Şehitlikleri Zyýarat Etdi

Resmi sapar bilen Azerbaýjana baran Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş Bakuwda şehitlikleri zyýarat etdi.

2010405
Kurtulmuş Şehitlikleri Zyýarat Etdi

Kurtulmuş we mejlisiň wekiliýeti merhum Haýdar Aliýewiň gubyryna gül desselerini goýdy.

20-nji ýanwar şehitleriniň jaýlanan Şehitler hyýabanyny zyýarat eden Numan Kurtulmuş, ol ýerde Baky ot ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Kurtulmuş soň bolsa Bakuwdaky Türk şehitligine baryp, ol ýere gül desselerini goýdy.

Kurtulmuş zyýaratdan soň beren beýannamasynda Türkiýede iş başyna gelen döwlet resmileriniň ilkinji saparlaryny Demirgazyk Kipr Türk Respublikžasyna we Azerbaýjana guraýandygyny, düýn DKTR-da netijeli duşuşyklar geçirendiklerini aýtdy.

DKTR-nyň halkara derejesinde ykrar edilmegi üçin täze döwrüň başlandygyny ol ýerde ýene-de bir gezek nygtandyklaryny beýan eden Kurtulmuş, Türkiýäniň we DKTR-nyň Gündogar Ortaýer deňizinde egin-egine möhüm iş alyp barýandyklaryny, iki ýurduň özygtyýarlylyk hukuklaryndan egilşik etmän, ýoluna dowam edýändigini aýtdy.

Numan Kurtulmuş şu gün bolsa doganlyk Azerbaýjanda saparyny dowam etdirýändigini nygtap; “Azerbaýjan, Türkiýäniň esasy ýarany we doganydyr. Her bir ugurda kämil gatnaşyklary bolan iki ýurt. Türkiýe, Azerbaýjan we DKTR-sy “bir millet, üç döwlet” düşünjesi bilen hereket edýän, biri-birine ýakyn üç ýurt. Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde DKTR-sy bilen bolan gatnaşygy, Kawkazda-da Azerbaýjan bilen bolan gatnaşygy iňňän möhüm. Strategik taýdan iňňän gymmatly we ähmiýet berýän gatnaşyklarymyz. Azerbaýjanyň güýçli bolmagy, Türkiýäniň güýçli bolmagy diýmeklikdir. Şonuň ýaly hem DKTR-nyň güýçli bolmagy, Türkiýäniň güýçli bolmagy diýmeklikdir” diýdi.



Degişli Habarlar