TBMM-niň başlygy ilkinji daşary ýurt saparyny DKTR-na we Azerbaýjana gurar

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş wezipä başlamagyndan soň ilkinji daşary ýurt saparlaryny Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy (DKTR) we Azerbaýjan döwletlerine amala aşyrar

2008886
TBMM-niň başlygy ilkinji daşary ýurt saparyny DKTR-na we Azerbaýjana gurar

TBMM tarapyndan berilen beýanata görä Numan Kurtulmuş we ýanyndaky parlament wekiliýeti, 11-nji iýul sişenbe güni DKTR-nyň paýtagty Leşfkoşa, 12-nji iýul çarşenbe güni bolsa Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine sapar gurarp, ikiçäk we toparara gepleşikler geçirer. 

Saparyň ilkinji duralgasy bolan Lefkoşa şäherinde kipr türkleri Fazyk Küçükiň we DKTR-nyň esaslandyryjysy Rauf Denktaşyň guburlaryny zyýarat etjek TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş soň bolsa DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar tarapyndan kabul ediler. 

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş we ýanyndaky wekiliýet DKTR-nyň Respublikan Mejlisiniň başlygy Zorlu Töre, DKTR-nyň Premýer ministri Ünal Üstel bilen aýry-aýry duşuşyklar geçirerler. 

Numan Kurtulmuş we parlament wekiliýeti agşam bolsa Lefkoşadan Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine tarap ugrar. 

Ilki bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul ediljek wekiliýet, soň bolsa Azerbaýjanyň Milli mejlisinde Milli mejlisiň başlygy Sahiba Gafarowa bilen ikiçäk we toparara gepleşikler geçirerler, Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Esedow bilen duşuşar, TÜRKPA-nyň Baş sekretalygynyň binasyna bararlar. 



Degişli Habarlar