Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy

Şawkat Mirziýoýew sesleriň 87,05 göterimini alyp 7 ýyl möhlet bilen gaýtadan prezidentlige saýlandy.

2009136
Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy

Özbegistanda düýn geçirlen irki prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Liberal demokrat partiýanyň dalaşgäri Şawkat Mirziýoýew sesleriň 87,05 göterimini alyp 7 ýyl möhlet bilen gaýtadan prezidentlige saýlandy.

30-njy aprelde geçirlen ähli halk sese goýulşygynda konstitutsiýa üýtgetme girizilmeginden soň düýn irki prezident saýlawy geçirildi.

Saýlawda 5 syýasy partiýanyň dalaşgäri bäsleşdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew, metbugata beren beýannamasynda, Prezident Mirziýoýewiň demokratik ýagdaýda geçirlen saýlawda saýlawçylaryň 87,05 göteriminiň sesini alyp gaýtadan prezidentlige saýlanandygyny habar berdi.

Zaýniddin Nizamhojaýew, saýlawda 15 million 651 müň 405 saýlawçynyň ses berendigini, saýlawa bolan gatnaşygyň 79,88 göterime ýetendigini belledi.

Zaýniddin Nizamhojaýew, saýlawda Halk demokrat partiýasynyň dalaşgäri Ulugbek İnoýatowyň sesleriň 4,02, Özbegistan Ekologiýa partiýasynyň dalaşgäri Abduşulur Hamzaýewiň sesleriň 3,74 we Adalat sosial demokrat partiýasynyň dalaşgäri Roba Mahmudowanyň bolsa sesleriň 4,43 göterimini alandygyny mälim etdi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar