Özbegistanda Ertir Prezident Saýlawy Geçirler

Bellige alynan 20 million saýlawçy 10 müň 760 saýlaw merkezinde täze prezidentini saýlamak üçin ses berer.

2008693
Özbegistanda Ertir Prezident Saýlawy Geçirler

Özbek halky ertir täze prezidentini saýlamak üçin ses berer.

Ýurtda 30-njy iýunda geçirlen ähli halk sese goýulşygynda konstitutsiýa üýtgetme girizilmeginiň kabul edilmeginden soň, irki prezident saýlawynyň 9-njy iýulda geçirilmegi barada karar kabul edilipdi.

Şol çäkde bellige alynan 20 million saýlawçy 10 müň 760 saýlaw merkezinde täze prezidentini saýlamak üçin ses berer.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan özbekler hem Türkiýe bilen birlikde 39 ýurtda 55 saýlaw merkezinde ses berer.

Saýlawda Özbegistan Liberal demokrat partiýasy tarapyndan gaýtadan dalaşgärlige hödürlenen häzirki Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen birlikde Halk demokrat partiýasyndan Ulugbek İnoýatow, Özbegistan Ekologiýa partiýasyndan Abduşukur Hamzaýew we Adalat sosial demokrat partiýasyndan hem Roba Mahmudowa bäsleşer.

Saýlawda Prezident Mirziýoýewiň üstünlik gazanmagyna garaşylýar.

Mirziýoýew, ilki Yslam Kerimowyň aradan çykmagyndan soň 2016-njy ýylyň dekabr aýynda geçirlen prezident saýlawynda sesleriň 88,61, 2021-nji ýylda geçirlen saýlawda bolsa sesleriň 80,1 göterimini alyp iki gezek prezidentlige saýlanypdy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar