Grygyz Respublikasynda Hökümet Agdarlyşygyna Girişendikleri Öňe Sürülen Adamlar Saklandy

Bu barasynda Döwlet Milli howpsuzlyk komiteti beýannama berdi.

1996017
Grygyz Respublikasynda Hökümet Agdarlyşygyna Girişendikleri Öňe Sürülen Adamlar Saklandy

Döwlet Milli howpsuzlyk komitetiniň beren beýannamasynda ýurduň şäherlerinde giňişleýin protest aksiýalaryny guramak hem-de pitne turuzmak we häkimiýeti güýç bilen ele geçirmek üçin gizlin taýýarlyk görýän toparyň bikanun işlerinin anyklanyp, öňüniň alynandygy mälim edildi.

Alynan maglumatlar we ýygnalan ses hem-de wideo ýazgylar boýunça jenaýat işiniň gozgalandygy beýan edildi.

Hökümet agdarlyşygyna taýýarlyk gören jenaýat toparynyň bir ýyldan bäri ýurduň dürli şäherlerinde hökümete garşy durýanlary jemländigi, agdarlyşyk synanşygynň başynda durýan adamyň bolsa syýasy partiýanyň başlygy we jemgyýetçilik aktiwist N.R. atly raýatdygy habar berildi.

Beýannamada; “Jenaýat guramasynyň daşary ýurt çeşmelerinden maliýe goldawyny almaga garaşýandygy we haýsydyr bir sebäpden jemgyýetde nägilelik ýüze çykan mahalynda agdarlyşyk synanşygyny başlatmagy meýilleşdirendigi” nygtalýar.

Şol bir wagtda guralan operasiýalarda N.R.atly raýatyň hem-de guramanyň oňa ýaranlyk eden 30-dan gowrak agzasynyň saklanandygy beýan edildi.

 



Degişli Habarlar