HHR-nyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Hytaýyň Daşary işler ministrligi geçirilen duşuşyk bilen bagly beýanat berdi

1988189
HHR-nyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin sammite gatnaşmak maksady bilen ýurduna gelen Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi. 

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä Si Szinpin duşuşykda geçen ýylyň sentýabr aýynda Özbegistana guran saparynda iki ýurduň umumy geljegi paýlaşjak jemgyýeti emele getirmek maksatnamasyny orta atandyklaryny we gatnaşyklaryny giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirendiklerini ýatladyp, Hytaýyň Özbegistan bilen gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ösdürmäge taýardyklaryny habar berdi.  



Degişli Habarlar