Şuşa Türk Dünýäsine Medeni Paýtagtlyk Edýär

Şuşada, Türki dünýäniň medeni paýtagtlygyna bagyşlanan çäreler geçirildi.

1985788
Şuşa Türk Dünýäsine Medeni Paýtagtlyk Edýär

Azerbaýjanda Garabagyň simwoly Şuşada, Türki dünýäniň medeni paýtagtlygyna bagyşlanan çäreler geçirildi.

Türki dünýäniň medeni paýtagtlygyna bagyşlanan çäreleriň açylyş dabarasyna, Azerbaýjanyň Medeniýet ministri Adil Kerimli, Halkara türk medeniýeti guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, Türk hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugynyň başlygy Serkan Kaýalar, Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jahit Bagjy, DKTR-nyň Bakudaky wekili Ufuk Turnagar bilen birlikde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda Türki döwletlerden gelen sungat ussatlary çykyş etdi. Bursa şäher häkimli tarapyndan türk tagamlary tanyşdyryldy.

TÜRKSOÝ tarapyndan her ýyl Türki dünýäsinden bir şäher “medeniýet paýtagty” hökmünde yglan edilýär we 1 ýylyň dowamynda şol şäherde medeni çareler geçirilýär.



Degişli Habarlar