Ermeni Güýçleri Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Od Açmaga Dowam Edýär

Azerbaýjanyň harby goşunynyň hüjüme degişli gaýtawuly görkezendigi bellenildi.

1985425
Ermeni Güýçleri Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Od Açmaga Dowam Edýär

 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, ermeni güýçleriniň serhetde Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ot açandygyny haabr berdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, ýerli wagt bilen 17.00-da ermeni güýçleriniň Başargeçer welaýatynyň Zod etrapçasynda ýerleşýän pozisiýalaryndan, Azerbaýjanyn harby goşunyna degişli pozisiýalara od açandygy nygtaldy.

Beýannamada, Azerbaýjanyň harby goşunynyň hüjüme degişli gaýtawuly görkezendigi bellenildi.

Düýn agşam hem Zod etrapçasyndan Azerbaýjanyň harby goşunyna degişli pozisiýalara od açylandygy sebäpli Azerbaýjanly 1 esger şehit bolupdy, 1 esger hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar