Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde ýaragly çaknyşyk boldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi serhet zolagynda Ermenistanyň harby güýçleri bilen ýaragly çaknyşyklaryň bolandygyny habar berdi

1985069
Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde ýaragly çaknyşyk boldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, düýn agşam Basargeçer welaýatynyň Zod sebiti ugrundaky Ermenistanyň goşunynyň harby liniýalaryndan Azerbaýjanyň goşunynyň harby liniýalaryna garşy od açylandygy mälim edildi. 

Ermenistanyň goşunynyň od açmagy netijesinde azerbaýjanly bir esgeriň kellesinden ýaralanandygy aýan edildi. 

Ermenistanyň harby güýçlerine berilen duýduryşlara garamazdan od açmaga dowam etmegi sebäpli Azerbaýjanyň harby birikmeleriniň garşylyk görkezendigi beýan edildi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen ýene-de bir beýanatda bolsa, Ermenistanyň goşunynyň agyr ýaraglar we minomýotlar bilen Azerbaýjynyň goşunyna od açmaga dowam edýändigi habar berildi. 

Ermenistanyň metbugatynda berilen habarlarda bolsa çaknyşyklarda 3 ermeni esgeriň ýaralanandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar