Özbegistanda 9-nji Iýulda Irki Prezident Saýlawy Geçirler

Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edilen karara laýyklykda irki prezident saýlawy 9-njy iýulda geçirler.

1984376
Özbegistanda 9-nji Iýulda Irki Prezident Saýlawy Geçirler

 

Özbegistanda irki prezident saýlawynyň 9-njy iýulda geçirilmegi barada karar kabul edildi.

Özbegistanda 30-nji aprelde geçirlen ähli halk sese goýulşygy bilen konstitutsiýa girizilen üýtgetme sebäpli Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edilen karara laýyklykda irki prezident saýlawy 9-njy iýulda geçirler.

Ähli halk sese goýulşygyndan soň konstitutsiýa girizilen üýtgetmä laýyklykda prezidentiň käbir jogapkärçilikleri parlamente berildi.

Prezidentiň iş möhledi bolsa 5 ýyldan 7 ýyla çykaryldy.

2021-nji ýylyň dekabr aýynda geçirlen prezident saýlawynda Şawkat Mirziýoýew 5 ýl möhlet bilen bu wezipä saýlanypdy.



Degişli Habarlar