“Azerbaýjanyň Baýdagynyň Ýakylmagynyň Jogapkäri Ermenistanyň Hökümeti we Döwleti”

Aliýew, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

1976971
“Azerbaýjanyň Baýdagynyň Ýakylmagynyň Jogapkäri Ermenistanyň Hökümeti we Döwleti”

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanda geçirlen Ýewropa ştanga çempionadynyň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň baýdagynyň ýakylmagy meselesinde “Bu gelşiksiz wakanyň jogapkäri Ermenistanyň hökümeti we döwletidir” diýdi.

Iş sapary bilen Salýan welaýatyna baran Aliýew, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirlen Ýewropa ştanga çempionadynyň açylyş dabarasynda bir adamyň Azerbaýjanyň baýdagyny ýakmagy barada durup geçen Aliýew, wakanyň şahsy ýada tötänleý bolmandygyny, Ermenistanyň hökümeti tarapyndan bilkastlaýyn ýagdaýda edilen gelşiksiz wakadygyny nygtady.

Baýdagy ýakan adamyň jezalandyrylmandygyny we “gahryman” yglan edilendigini aýdan Aliýew: “Ermenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň öňünde şeýle gelşiksiz waka başdan geçirilýär we hiç hili garşylyk görkezilmeýär. Diýmek bu wakanyň jogapkäri Ermenistanyň hökümeti we döwletidir” diýip belledi.

Ýerewanda geçirlen çempionatda gazanan medallaryny Azerbaýjana sowgat eden türk ştangaçylary Jansu Bektaş bilen Gamza Altun hakynda hem durup geçen Prezident Aliýew, “Mihriban hanym we ben gyzlarymyzy mähili gutladym. Sebäbi olar Türkiýäniň we Azerbaýjanyň duşmany bolan döwletde uly ýeňiş gazanyp Türkiýäniň baýdagyny göterdiler. Ermeniler, biziň baýdagymyzy ýakdy emma Türk baýdagy ol ýerde pasyrdady. Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Döwlet senasyny şeýle gowy ýerine ýetirdiler welin ol ýerde oturan ähli duşmanlaryň gulaklary gapyldy. Olar medallaryny Azerbaýjana sowgat etmek bilen Azerbaýjanyň halkynyň köňlünde tagt gurdular”diýip belledi.

Ermenistanda geçirlen Ýewropa ştanga çempionadynyň açylyş dabarasynda, ýurtlaryň baýdaklary tanyşdyrylýarka bir adam Azerbaýjanyň baýdagyny ýakypdy.

Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministrligi bilen Milli Olimpiada komiteti waka sebäpli ähli türgenlerini yzyna çagyrypdy.



Degişli Habarlar