Mirziýoýew Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Mirziýoýew bilen Putin iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

1973288
Mirziýoýew Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Özbegistan tarapyndan berlen beýannamada, Mirziýoýew bilen Putiniň telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýannamada iki lideriň özara söwda gatnaşyklarynyň artdyrylmagy we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri meselesi hakynda pikir alyşandygy bellenildi.

Telefon söhbetdeşliginde Mirziýoýew bilen Putiniň üstümizdäki aýyň ahyrynda Daşkentde geçiriljek İnnoprom halkara senagat sergisiniň, iki ýurduň işewürleriniň we sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy taýdan möhümdigine ünsi çekendigi nygtaldy.

Beýannamada, liderleriň iki ýurduň arasynda medeni hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar