Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Çaknyşyk Boldy

Azerbaýjanyň harby goşunyndan şehitleriň we ýaralananlaryň bardygy habar berildi.

1973352
Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Çaknyşyk Boldy

Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde bolan çaknyşykda Azerbaýjanyň harby goşunyndan şehitleriň we ýaralananlaryň bardygy habar berildi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Gorus welaýatynyň Dyg etrapçasyna ornaşan ermeni esgerleriniň Laçyn liniýasynda Azerbaýjana degişli pozisiýalara od açandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ermenistanyň harby goşuny tarapyndan od açylandygy sebäpli Azerbaýjanly esgerleriň arasynda şehitleriň we ýaralananlaryň bardygy ýatladyldy.

Beýannamada, şehitleriň we ýaralananlaryň sany hakynda maglumat berilmedi.

Ermenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda çaknyşykda ermeni güýçleriniň hem ýitgi çekendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar