Azerbaýjan Palestinada Diplomatik Wekilhana Açar

Azerbaýjanyň Palestinada diplomatik wekilhana açmak hakyndaky kararyna kanagatlanma bildildi

1968003
Azerbaýjan Palestinada Diplomatik Wekilhana Açar

Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad al-Maliki Azerbaýjanyň Palestinada diplomatik wekilhana açmak hakyndaky kararyna kanagatlanma bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannama görä Maliki Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen ministrligiň Ramallahdaky jaýynda duşuşdy.

Ministrler duşuşykda Palestinadaky soňky wakalar bilen Ysraýylyň düzgün bozmalary hakynda pikir alyşdylar.

Baýramow ol ýerde sözlän sözünde Azerbaýjanyň iki döwletli çözgüt alternatiwini we paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan Palestina döwletiniň gurulmagyny goldaýandygyny aýtdy.

Ministri Baýramow Azerbaýjanyň Palestinada ýylyň dowamynda diplomatik wekilhana açjakdygyny beýan etdi.

Palestinanyň Daşary işler ministri Maliki bolsa; “Ysraýyl Aparteid düzgünine we rasizme esaslanýan kolonial, ornaşyjy basyp alyş taslamasyny dowam etdirýär” diýdi.

Baýramowuň diplomatik wekilhananyň açylyşy üçin gurjak saparyna garaşýandygyny beýan eden Maliki; “Bu karar Azerbaýjan Respublikasy bilen medeniýet, syýahatçylyk, bilim, ylmy barlag we galkynyş ýaly ençeme ugurda hyzmatdaşlygy artdyrylmagyna hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraply bähbit esasynda güýçlendirilmegine goşant goşar” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar