Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Germaniýada Saparda Bolýar

Olaf Şols, Azerbaýjanyň Germaniýa we ÝB üçin diýseň möhümdigini aýtdy.

1959949
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Germaniýada Saparda Bolýar

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Azerbaýjanyň Germaniýa we ÝB üçin diýseň möhümdigini aýtdy.

Şols bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew paýtagt Berlinde bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada pikir alyşandyklaryny aýdan Şols, Azerbaýjan bilen ÝB-niň Gündogar hyzmatdaşlygynyň çäginde birlikde has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini aýtdy.

Şols “Azerbaýjan, Germaniýa we ÝB üçin esasy hyzmatdaş” diýip belledi.

Azerbaýjanyň, Germaniýanyň we Ýewropanyň energiýa üpjünçiligi taýdan uly mümkinçilige eýedigine ünsi çeken Şols, duşuşykda Russiýa-Ukraina söweşiniň Azerbaýjana we Günorta Kawkaza ýetirýän ýaramaz täsirleri hakynda hem pikir alyşandyklaryny ýatlatdy.

Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek bilen halkara hukugyny basgylandygyny ýatladan Şols, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň meýilnamasyndan ýüz öwürmelidigini we esgerlerni Ukrainadan yzyna çekmelidigini nygtady.

Germaniýanyň Ermenistan –Azerbaýjan serhedindäki durnuksyzlyga alada bildirýändigini nygtan Şols, düşnüşmezligiň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin Ermenistan bilen Azerbaýjanyň territorial bitewilige sarpa goýmalydygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew hem Ermenistana parahatçylyk teklip edendiklerini we resmi Ýerewanyň şol pursatdan ýerlikli peýdalanmalydygyny belledi.

Aliýew, Ýewropa bilen energiýa hyzmatdaşlygy meselesinde ylalaşyk teswirnamasyny baglaşandyklaryny ýatlatdy.

Berlinde 30-a golaý işewür adamy bilen duşuşyk geçirendigini ýatladan Aliýew, germaniýaly işewürleri maýa goýmaklary üçin Azerbaýjana çagyrdy.



Degişli Habarlar