DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Ýewraziýa Ykdysady sammitde çykyş etdi

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Gündogar Ortaýer deňizindäki energiýa çeşmeleriniň, diňe hyzmatdaşlyk içinde derňelen we halkara bazarlara ýetirilen halatynda taraplaryň ikisi üçin hem peýda getirjekdigini habar berdi

1959728
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Ýewraziýa Ykdysady sammitde çykyş etdi

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Stambulda şu ýyl 26-njy gezek geçirilýän Ýewraziýa Ykdysady sammitinde çykyş etdi.

Ersin Tatar Kipriň Grek böleginiň liderligine täze saýlanan Nikos Hristodulidis bilen 23-nji fewralda geçiren ilkinji duşuşygynda, Kiprde ýer titreme bolan halatynda taraplaryň arasynda tejribe paýlanşygy we umumy komitediň döredilmegi ýaly meseleleri ele alandyklaryny habar berdi. 

Ersin Tatar Kiprde ylalaşyga gelinmesede taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygyň tarapdary bolandygyny belläp: "Kiprde oňuşyksyzlyk bardyr. Gündogar Ortaýer deňizinde onuň täsiri bardyr, emma biz ähli bu zatlary aragatnaşyk bilen, dialog içinde, dowamly gatnaşyk içinde, olary dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşmak bilen Kipriň hem syýasatyny hem ykdysadyýetini, hem-de ol ýerdäki durnuklylyga goşant goşup bileris pikiri bilen syýasty şol ýagdaýda ugrukdyrmaga synanyşýaryn" diýip belledi. 

Gündogar Ortaýer deňizinde energetika çeşmeleriniň hem üstünde durup geçen Ersin Tatar: "Gündogar Ortaýer deňizindäki energiýa çeşmeleriniň, diňe hyzmatdaşlyk içinde derňelen we halkara bazarlara ýetirilen halatynda taraplaryň ikisi üçin hem peýda getirer" diýip nygtady. 

Ersin Tatar çaknyşyk medeniýeti bilen we birtaraplaýyn häsýetde Men ederin düşünjesi bilen hiç kimiň üstün çykyp bilmejekdigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #ylalaşyk , #DKTR , #Ersin Tatar

Degişli Habarlar