Garabagda Azerbaýjanly we Ermenistanly Esgerler Çaknyşdy

Çaknyşykda iki tarapda hem ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygy nygtaldy

1955060
Garabagda Azerbaýjanly we Ermenistanly Esgerler Çaknyşdy

Garabagda azerbaýjanly esgerler bilen ermeni güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Garabagda, azerbaýjanly esgerler bilen ermeni güýçleriniň arasynda çaknyşygyň bolandygyny, iki tarapda hem ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygyny habar berdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, wagtlaýyn rus esgerleriniň ornaşdyrlan we ermeni ilatyň ýaşaýan ýeri bolan Azerbaýjana degişli ýerlere Ermenistandan Hankendi-Halfeli-Turşsu ýolu arkaly esger we harby enjam ornaşdyrmaga başlandygy nygtaldy.

Beýannamada, ertiriň irki sagatlarynda Azerbaýjanly esgerleriň düýn harby ulagy durdurmak isländigi sebäpli ulagdakylaryň ot açandygy we esgerleriň arasynda çaknyşygyň bolandygy ýatladyldy.

Çaknyşykda iki tarapdan hem ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygy nygtaldy.

Ministrligiň beýannamasynda Azerbaýjan tarapyndan çekilen ýitgi hakynda maglumat berilmedi.

Ermenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda bolsa çaknyşyk 3 ermeni polisiniň ýogalandygy nygtaldy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar