Prezident Japarow, Gözleg we Halas Ediş Toparyna Sagbolsun Aýtdy

Prezident Japarow, Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Boobek Ajikeýewi kabul etdi

1950144
Prezident Japarow, Gözleg we Halas Ediş Toparyna Sagbolsun Aýtdy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremesinden soň Türkiýä gelip gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan topara sagbolsun aýtdy.

Prezident Japarow tarapyndan kabul edilen Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Boobek Ajikeýew, ministrligiň Türkiýede bolan ýer titremelerinden soň durmuşa geçiren işleri hakynda maglumat berdi.

Prezident Japarow, Türkiýede bolan tebigy apat sebäpli doganlyk döwletiň uly ýitgi çekendigini belledi.

Japarow, gözleg we halas ediş işlerine uly goldaw beren gyrgyz topara sagbolsun aýtdy.

Prezident Japarow, Ministr Ajikeýewe gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan hünärmenleriň sylaglandyrylmagy üçin görkezme berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Boobek Ajikeýew hem Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň taryhynda ilkinji gezek gözleg we halas ediş topary hökmünde daşary ýurtda iş alyp barandyklaryny nygtady.

Gyrgyz ministr, “Gyrgyzstanyň gözleg we halas ediş topary ýer titremelerinde ýykylan binalaryň harabalygyndan çagalar bilen birlikde 8 adamy sag aman çykardy. 198 adamyň hem jesedini çykardy. Ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde 124 çadyrdan ybarat çadyr şäherçe gurduk” diýip belledi.



Degişli Habarlar