Özbegistanyň Prezidenti Müsürde Saparda Boldy

Sisi bilen Mirzioýew paýtagt Kairde bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

1949800
Özbegistanyň Prezidenti Müsürde Saparda Boldy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew resmi sapar bilen Müsüre bardy.

Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Palestina we Ukraina söweşi bilen birlikde Efiopiada gurluşygy dowam edýän Hedasi bendi boýunça düşnüşmezligiň çözülmegi hakynda pikir alyşdy.

Sisi bilen Mirzioýew paýtagt Kairde bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Sisi, Özbegistanyň Prezidenti bilen Palestina meselesiniň iki döwletli çözgüde laýyklykda çözülmegi üçin tagalla edilmegi boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.

Bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetirýän Russiýa-Ukraia söweşiniň syýasy taýdan çözülmegi meselesinde Özbegistan bilen şol bir garaýşa eýediklerini ýatladan Sisi, Efiopiada gurluşygy dowam edýän Hedasi bendi boýunça düşnüşmezligiň çözülmegi hakynda pikir alyşdyklaryny belledi.

Sisi, Özbegistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen suw meselesi boýunça ylalaşyk gazanylandygy üçin Mirziýoýewi gutlady.

Özbek lideriniň Müsüre guran saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda söwda, oba hojalyk, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlary boýunça jemi 9 hyzmatdaşlyk teswirnamasy baglaşyldy.

Liderler, Owganystanda durnuklylygyň ýola goýulmagyna goldaw berýändiklerini belledi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirzioýew, Müsüriň Prezidenti Sisini ýurduna çagyrdy.



Degişli Habarlar