Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Bişkekde Saparda Bolýar

Şawkat Mirziýoýew şu gün geçiriljek resmi garşylama dabarasyndan öň duşuşyklaryna başlar.

1938466
Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Bişkekde Saparda Bolýar
Şevket Mirziyoyev Kırgızistan'da-1.jpg
Şevket Mirziyoyev Kırgızistan'da.jpg

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew resmi sapar bilen Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkege bardy.

Gyrgyz lideri Sadyr Japarow bilen aýaly Aýgül Japarowa, Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen aýaly Ziroat Mirziýoýewany Manas howa menzilinde garşy aldy.

Paýtagt Bişkekde Ata-beýit milli taryh we ýadigärlik kompleksine baryp gören Mirziýoýew, “1916-njy ýylda başdan geçirlen pajygaly wakalarda ýogalanlaryň “hormatyna gurlan Ürkün ýadigärligine gül desselerini goýdy.

Şawkat Mirziýoýew şu gün geçiriljek resmi garşylama dabarasyndan öň duşuşyklaryna başlar.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçiriljek özara we toparara gepleşiklerden soň Mirziýoýewiň hormatyna resmi agşam nahary berler.

 

 



Degişli Habarlar