Çawuşogly Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler geňeşiniň 26-njy maslahatyna gatnaşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiyäniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň has täsirli ýagdaýa gelmegi we dünýä ykdysadyýetinde hak eden paýyna ýetmegi üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge dowam etjekdigini habar berdi

1937285
Çawuşogly Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler geňeşiniň 26-njy maslahatyna gatnaşdy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler geňeşiniň 26-njy maslahatynda çykyş etdi. 

Ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň giňelmeginiň 30-njy ýylyny belläp geçendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, giňelmek bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitde ykdysady hyzmatdaşlyk üçin öňbaşçy platforma ýagdaýyna öwrülendigini mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly şu günki gün global ykdysadyýetiň uly kynçylyklary başyndan geçirýändigine ünsleri çekip, şol kynçylyklaryň hötdesinden gelmek üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň daşary gatnaşyklaryna ünsleri çeken Mewlüt Çawuşogly, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) "Kipr Türk Döwleti" ady bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 3-nji synçysydygyny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň umumy işlerine goşant goşantmakda DKTR-nyň iň işjeň synçysydygyna ünsleri çekip, kipr türkleriniň eýýäm 11 ýyl bäri ýokary derejedäki Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatlaryna gatnaşýandygyny belläp: "Kipr türk perspektiwasyndan ählimiz peýdalnamalydyrys" diýip mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly başarnykly ýolbaşçylygy üçin Özbegistana minnetdarlyk bildirip: "Türkiye Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň has täsirli ýagdaýa gelmegi we dünýä ykdysadyýetinde hak eden paýyna ýetmegi üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge dowam eder" diýip beýan etdi. 

Bu kyn global gurşawda güýçli bir ygtyýar bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyny güýçlendirjekdiklerini bellän Mewlüt Çawuşogly, şu gün şol öňegidişlik ygtyýaryny görkezýändiklerini belledi. 



Degişli Habarlar