Türkiyäniň Gazimagusadaky baş konsullygy käbir hyzmatlary bermäge başlady

Türkiyäniň DKTR-daky ähli konsullyk hyzmatlary ozal diňe Lefkoşa (Nikosiýa) şäherindäki konsullugyň üsti bilen berilýärdi

1933568
Türkiyäniň Gazimagusadaky baş konsullygy käbir hyzmatlary bermäge başlady

Türkiyäniň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Gazimagusa (Famagusta) şäherindäki baş konsullygy käbir hyzmatlary bermäge başlady.

Türkiyäniň Lefkoşa (Nikosiýa) şäherindäki ilçihanasyndan berilen beýanatda, Gazimagusadaky (Famagusta) baş konsullygyň 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan başlap wagtlaýyn ofisinde öý salgysy, ilat hasaba alyş nusgasy, E-Döwlet paroly we jenaýat ýazgysy resminamasy ýaly konsullyk hyzmatlaryny berjekdigi bellenip, beýleki konsullyk hyzmatlarynyň beriljek senesiniň bolsa birnäçe wagt soň aýan ediljekdigi mälim edildi. 

Türkiyäniň DKTR-daky ähli konsullyk hyzmatlary ozal diňe Lefkoşa (Nikosiýa) şäherindäki konsullugyň üsti bilen berilýärdi. 



Degişli Habarlar