"Türkiýe Azerbaýjana Goldaw Bermäge Dowam Eder"

Şentop, Antalýada Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen duşuşdy.

1930230
"Türkiýe Azerbaýjana Goldaw Bermäge Dowam Eder"

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Türkiýäniň Azerbaýjana berýän goldawyny dowam etdirjekdigini nygtap, “Ermenistan alyp barýan syýasatlary bilen sebitiň parahatçylygyna wehim salýar” diýdi.

Şentop, Antalýada geçirlen Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň (APA) 13-nji maslahatyna gatnaşan Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen duşuşdy.

Duşuşykda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklar bilen birlikde Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň çäginde durmuşa geçiriljek işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TBMM bilen Azerbaýjanyň Mejlisiniň arasynda ozal baglaşylan hyzmatdaşlyk teswirnamalarynyň ýaňadandan gözden geçirilmegi meselesi hem gün tertibine getirildi.

Şentop bilen Gafarowa mundan başgada Ermenistanyň Azerbaýjan syýasatynyň biynjalyk edýändigi we bu meseläniň halkara platformalarda gün tertibine getirilmegi barada pikir alyşdy.

TBMM-niň Başlygy Şentop, Ýerewandan Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşygyň şertlerini doly ýerine ýetirmegine garaşýandyklaryny belledi.

Türkiýäniň Azerbaýjan bilen edýän gatnaşyklarynyň ähmiýetine ünsi çeken Şentop, “Türkiýe Azerbaýjana goldaw bermäge dowam eder. “Ermenistan alyp barýan syýasatlary bilen sebitiň parahatçylygyna wehim salýar” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar