Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, TDG-nyň Baş Sekretaryny Kabul Etdi

Tokaýew, Akorda köşgünde bolan kabul edilşikde Ömüraliýewi täze wezipesi bilen gutlady we rowaçlyk arzuw etdi.

1921686
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, TDG-nyň Baş Sekretaryny Kabul Etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym- Žomart Tokaýew, Türki döwletleriň guramasyny esaslandyryjylaryndan biri hökmünde gurama bilen edilýän köp taraply hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin guramanyň Baş sekretarýadynyň durmuşa geçirýän işlerine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Prezident Tokaýew, Gazagystana ilkinji saparyny guran Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi.

Tokaýew, Akorda köşgünde bolan kabul edilşikde Ömüraliýewi täze wezipesi bilen gutlady we rowaçlyk arzuw etdi.

Tokaýew, Gazagystanyň Türki döwletleriň guramasy bilen edýän köp taraply hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we guramanyň esaslandyryjylaryndan biri hökmünde guramanyň Baş sekretarýadynyň durmuşa geçirýän işlerine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Türki halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we jebisligi güýçlendirmekde guramanyň uly rol oýnaýandygyna ünsi çeken Tokaýew, dünýäde birnäçe döwletiň we halkara guramanyň Türki döwletleriň guramasy bilen söwda, ykdysady we medeni taýdan edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändigini ýatlatdy.

Prezident Tokaýew, Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretarýadynyň esasy wezipesiniň, üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirlen liderler maslahatynda kabul edilen kararlary durmuşa geçirmekdigini belledi.



Degişli Habarlar