Tatarystanyň Prezidenti Minnihanow Bursada Saparda Bolýar

Minnihanow, Tatarystan hökmünde Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

1917858
Tatarystanyň Prezidenti Minnihanow Bursada Saparda Bolýar

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Türkiýe-Tatarystan işewürler forumyna gatnaşmak üçin Bursa şäherine geldi.

Forumda çykyş eden Minnihanow, Tatarystan hökmünde Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Türk işewürlerine Tatarystanda maýa goýmaklary üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdiklerini bellän Minnihanow, “Tatarystanda türk maýadarlarynyň arkaýyn iş alyp barmaklaryna uly ähmiýet berýäris. İki ýurduň arasynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar üçin Türkiýäniň we Russiýanyň prezidentlerine sag bolsun aýdýaryn. Tatarystanyň paýtagty Kazan, birnäçe türk şäheri bilen doganlygyny dowam etdirýär. Biz Türkiýe bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyny arzuw edýäris” diýdi.

Senagat we tehnalogiýa ministriniň orunbasary Hasan Büýükdede bolsa, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň 2019-njy ýylda Tatarystana guran saparynyň özara gatnaşykalryň pugtalanmagyna itergi berendigini belledi.

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Türkiýä guraýan saparynyň çäginde Gemlik etabynda Türkiýäniň ilkinji ýerli awto ulagy Togg-yň öndürilýän desgasyna hem barar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar