Prezident Erdogan, Täze Azerbaýjan Partiýasyny 30 Ýaşy Bilen Gutlady

Prezident Erdogan TAP-nyň 30 ýaşy mynasibetli Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

1908981
Prezident Erdogan, Täze Azerbaýjan Partiýasyny 30 Ýaşy Bilen Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Täze Azerbaýjan Partiýasy 30 ýaşy bilen mähirli gutlady.

Prezident Erdogan TAP-nyň 30 ýaşy mynasibetli Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde, “Jenap Prezidentim, eziz doganym: Täze Azerbaýjan partiýasynyň gurlan gününiň 30 ýyllygy mynasibetli sizi we partiýaňyzyň ähli agzalaryny we doganlyk ýurt Azerbaýjanyň halkyny mähirli gutlaýaryn. Azerbaýjanyň merhum lideri Haýdar Aliýewiň guran TAP gurlan gününden bäri halkyna uly hyzmat eden Azerbaýjanyň esasy syýasy partiýasy boldy we şu günki günde siziň liderligiňizde ähli taraplaýyn uly üstünlikler gazandy” diýdi.

Topraklaryny ermeni basyp alyşlygyndan halas eden, sebitiniň parlaýan ýyldyzyna öwrülen Azerbaýjanyň, şu günki günde Türk dünýäsi üçin ylham çeşmesi bolandygyny nygtan Erdogan, “Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we arkalaşygyň gelejekde pugtalanmak bilen dowam etjekdigine doly ynanýaryn” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar