Prezident Erdogan gazagystanly kärdeşi Tokaýew bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1909063
Prezident Erdogan gazagystanly kärdeşi Tokaýew bilen söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Prezident Erdogan Gazagystanda geçirilen Prezident saýlawynda gazanan ýeňişi mynastbetli Kasym Jomart Tokaýewi gutlady. 

Saýlawyň netijesiniň dostlukly we doganlyk Gazagystan üçin düşümli bolmagyny dilän Prezident Erdogan, iki ýurduň arasyndaky Giňeldilen strategik hyzmatdaşlygyň täze döwürde hem güýçlenip dowam etjekdigine ynanýandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar