Türk Döwletleri Guramasynyň Liderler Sammiti Özbegistanda Geçirilýär

Maslahata gatnaşýan ýurtlaryň liderleri ilki ýadigärlik surat aldyrdy.

1905155
Türk Döwletleri Guramasynyň Liderler Sammiti Özbegistanda Geçirilýär
TDT Zirve.2.jpg
TDT Zirve.1.jpg

Türk döwletleri guramasynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň VIIII maslahaty Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky maslahat “Türk medeniýeti üçin täze döwür: Bilelikde Galkynyşa we Eşretli Gelejege tarap” temasy bilen geçirilýär.

Maslahata gatnaşýan ýurtlaryň liderleri ilki ýadigärlik surat aldyrdy.

“Ebedi şäher” kongres merkezinde geçirilýän maslahata, Prezident Erdogan, Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Azerbaýajanyň Prezidenti Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Japarow bilen guramanyň synçy agzalary Türkmenistanyň ozalky Prezidenti we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor orban gatnaşýar.



Degişli Habarlar