Ersin Tatar Türkiýä Sagbolsun Aýtdy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar DKTR-nyň Türki döwletleriň guramasyna synçy agzalyga kabul edilmegi boýunça beren goldawy üçin Türkiýä sagbolsun aýtdy.

1905417
Ersin Tatar Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
kktc-ozbekistan bayrak.jpg
tatar.jpg

Ersin Tatar beren ýazmaça beýannamasynda DKTR-nyň TDG-da synçy agzalyk derejesine kabul edilip, özlerine şeýle bagtyýarlygy başdan geçirdek Prezident R.T.Erdogana, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna we türk diplomatiýasyna sagbolsun aýdyp; “Bu oňyn wakadan has hem güýç alyp, buýsançly fgöreşimizi depginini gowşatmazdan dowam etdireris” diýdi.

DKTR-nyň halkara guramalardan ýene-de birine goşulmagynyň aýratyn uly ähmiýete eýedigini nygtan Tatar; “Döwletimiz halkara guramalardan ýene-de birinde konstitutsion ady bilen, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy hökmünde bu derejä eýe boldy. Taryhyň sahypalaryna geçjek bu möhüm başlangyç bizin üçin güýç beriji aýratynlyga eýedir” diýdi.



Degişli Habarlar