Tokaýew: "Garaşsyzlygymyzy has berk ýagdaýda goramaga taýardyrys" diýdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, garaşsyzlyklaryny we milli bähbitlerini, diňe diplomatiýa arkaly däl, eýsem has berk ýagdaýdaky çemeleşmeler bilen hem goramaga taýardyklaryny habar berdi

1903135
Tokaýew: "Garaşsyzlygymyzy has berk ýagdaýda goramaga taýardyrys" diýdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Hazar deňiziniň kenarynda ýerleşýän Mangistau welaýatynyň dolanşyk merkezi Aktau şäherine iş saparyny gurady. 

Sebitiň halky bilen duşuşan Tokaýew eden çykyşynda, soňky gezek Aktau şäherinde 2018-nji ýylda geçirilen sammitde, Hazar deňiziniň hukuk statusyna gowuşmagy bilen ýurduň serhet meseleleriniň çözülendigini habar berdi. 

Tokaýew häzirki wagtda Gazagystanyň ähli döwlet serhetleriniň kesgitlenendigini belläp: "Ozal SSSR-iň düzüminde bolan ýurtlaryň aglabasynda bu meselelde biri-birinden tapawutly düşünişmezçilikler bar. Iň ýakyn goňşularymyzyň serhetlerinde entegen söweş we ýaragly çaknyşyklar başdan geçirilýär" diýip habar berdi.  

Saýlaw tapgyryna giren ýurduna garşy soňky aýlarda döwletiň maglumatlar ulgamyna guralýan hüjümleriň artandygyny aýdan Tokaýew: "Dezinformasiýanyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni alarys. Ony ozal hem aýdyp geçipdim. Mukaddes bilýän garaşsyzlygymyzy we milli bähbitlerimizi, diňe diplomatiýa arkaly däl, eýsem has berk ýagdaýdaky çemeleşmeler bilen hem goramaga taýardyrys" diýip mälim etdi. 

Tokaýew döwletiň durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üstündäki daşary syýasatdaky gün tertip ýaly, içerki ýagdaýyň hem täsiriniň uludygyny belläp: "Ýurdumyzda we daşary ýurtda pitne we duşmançylyk ekýänler boldugy saýyn gapyl bolmarys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar