Süleýman Soýlu Gyrgyzystanda saparda bolýar

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, resmi sapar bilen giden Gyrgyzystanda ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Boobek Ajikeýew bilen duşuşyk geçirdi

1903703
Süleýman Soýlu Gyrgyzystanda saparda bolýar

Türkiyäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, ýer eýesi ministr we wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda Türkiyäniň apata garşy göreşde örän şowly ädimler edýändigini we birleşik apat dolanşyk ulgamyny durmuşa geçirýändiklerini habar berdi. 

Şol çäkde apat bilen bagly duýduryş ulgamyny durmuşa geçirendiklerini aýdan Süleýman Soýlu: "Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) esasan hem kanunlar, guramalar we täsirli öňüni alyş çäreler, raýat jemgyýetçilik guramalaryň tapgyra goşulmagy bilen täsirli strategiýa, täzeçil tehnologiýa we apat aragatnaşyk infrastrukturasy bilen dünýäniň möhüm guramalarynyň biri ýagdaýyna öwrüldi" diýip mälim etdi. 

Süleýman Soýlu mundan başgada Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň inwentaryndaky MI-8 MTV dikuçarynyň abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we talap edilen karz goldawynyň berilmegi üçin işleri başlatjakdyklaryny habar berdi. 

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Boobek Ajikeýew hem öz gezeginde Türkiye bilen 2012-nji ýylda baglaşylan hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň çäginde apata garşy göreşlerini dowam etdirýändiklerini we 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde Türkiyeden ugradylan kömekleriň ýurdunda öz täsirini görkezmäge başlandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar