Türk Döwletleri Guramasynyň 13 Ýyllygy Mynasibetli Waşintonda Banket Berildi

Türk Döwletleri guramasynyň döredilen gününiň 13 ýyllygy mynasibetli Türkiýäniň Waşingtondaky ilçihanasynda banket berildi.

1902169
Türk Döwletleri Guramasynyň 13 Ýyllygy Mynasibetli Waşintonda Banket Berildi

 

ABŞ-da Türk Döwletleri guramasynyň döredilen gününiň 13 ýyllygy mynasibetli Türkiýäniň Waşingtondaky ilçihanasynda banket berildi.

Türkiýäniň ABŞ-daky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Murat Merjanyň we aýaly İnji Merjanyň ýolbaşçylygynda berlen bankede, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň geňeşçisi Erika Olson bilen birlikde Türki dilli döwletleriň ABŞ-daky ilçileri gatnaşdy.

Türkiýäniň ABŞ-daky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Murat Merjan banketde eden çykyşynda, Türk döwletleriniň geografiýa hökmünde serhetler bilen aýrylandygyna garamazdan türki halklaryň arasyndaky ýakyn gatnaşygyň dowam edýändigini, döwletleriň arasyndaky syýasy arkalaşygy güýçlendirmegi, taryhy we medeni mirasa goldaw bermegi maksat edinýändiklerini belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň geňeşçisi Erika Olson hem çykyşynda ABŞ bilen türk döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Türk döwletleri guramasyna agza ýurtlarda birnäçe ýyl işländigini ýatladan OlsOn, guramanyň nämeler edip biljekdigini ýerine görendigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar