Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gyrgyzystanda saparda bolýar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gyrgyzystana ilkinji resmi saparyny guraýar

1891507
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gyrgyzystanda saparda bolýar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow Halkara Manas howa menzilinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi garşylady. 

Prezident köşgünde geçirilen resmi garşylama dabarasyndan soň liderler, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. 

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Gyrgyzystan-Azerbaýjan döwletara geňeşiň 1-nji maslahatynda eden çykyşynda, Azerbaýjanyň işewür dünýäsini Gyrgyzystana maýa goýmaga çagyryp, doganlyk Azerbaýjan bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny habar berdi. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem öz gezeginde Gyrgyzystan bilen gatnaşyklaryny özgertmek isleýändiklerini mälim etdi. 

Türk dünýäsiniň täze bir potensiala eýe bolmaga başlandygyna ünsleri çeken Ilham Aliýew: "Azerbaýjan ýaly Gyrgyzystan hem Türk dünýäsine agza döwletleriň doganlyk gatnaşyklaryna uly goşant goşýar. Öňümizdäki aý geçiriljek maslahatda, birligimiz has hem güýçlener" diýip habar berdi. 

Ilham Aliýewiň saparynyň çäginde Gyrgyzystan-Azerbaýjan Galkynyş gaznasynyň döredilmegi bilen bagly ylalaşyga gol çekildi. 



Degişli Habarlar