Ermenistan Tarapyndan Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Od Açyldy

Ylalaşygy basgylan Ermenistana garşy Azerbaýjanyň goşunynyň hem degişli gaýtawuly görkezendigi nygtaldy.

1887982
Ermenistan Tarapyndan Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Od Açyldy

Ermenistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan, Kelbejer we Towuz welaýatlaryndaky Azerbaýjanyň pozisiýalaryna od açyldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada “3-nji oktýabrda agşamara we 4-nji oktýabrda ir ertire çenli Ermenistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan, Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki Kelbejer welaýatynyň Ziwel, Zeýlik we Istisu; Towuz welaýatynyň bolsa Agdam we Garalar etrapçalaryndaky Azerbaýjanyň pozisiýalaryna od açyldy” diýildi.

Beýannamada, ylalaşygy basgylan Ermenistana garşy Azerbaýjanyň goşunynyň hem degişli gaýtawuly görkezendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar