Fatih Dönmez Gazagystanda geçirilen TDG-nyň Energetika ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Gazagystan bilen Azerbaýjanyň Energetika ministrleri we Özbegistanyň Energetika ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

1885839
Fatih Dönmez Gazagystanda geçirilen TDG-nyň Energetika ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türki Döwletleriň Guramasynyň Energetika ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Gazagystanyň Almaty şäherine giden Fatih Dönmez, maslahatdan ozal Özbegistanyň Energetika ministriniň orunbasary Azim Ahmedhadjaýew bilen duşuşyk geçirdi. 

Ýer eýesi Gazagystanyň Energetika ministri Bolat Akçulakow bilen hem duşuşyk geçiren ministr Fatih Dönmez, soň bolsa Azerbaýjanyň Energetika ministri Parwiz Şahbazow bilen duşdy. 

Geçirilen duşuşyklarda gaýtadan işlenýän energiýa, deňizlerde we gury ýerde uglewodorod gözlegleri başda bolmak bilen energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar