Ermenistan Tarapyndan Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Od Açyldy

Azerbaýjanly esgerleriň hem degişli gaýtawuly görkezendigi ýatladyldy.

1883588
Ermenistan Tarapyndan Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Od Açyldy

Ermenistanyň harby goşuny, serhetdäki Azerbaýjanyň pozisiýalaryna od açdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, ermeni güýçleriniň düýn ýerli wagty bilen 23.45-den şu gün ir sagat 08.30-a çenli Towuzkale welaýatynyň Çynarly, Basargeçer welaýatynyň Ýokary Çorja, Güneşli we Zerkend etrabyndaky pozisiýalaryndan Towuz welaýatynyň Kohanebi, Kelbejer welaýatynyň Keşdek we Barmagbine, Daşkesen welaýatynyň Tezekend etrabyndaky Azerbaýjanyň pozisiýalaryna od açandygy nygtaldy.

Beýannamada, azerbaýjanly esgerleriň hem degişli gaýtawuly görkezendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar