Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda teswirnama gol çekildi

Taşiýewiň duşuşykda çaknyşyklarda Tajigistan tarapyndan saklanan 4 gyrgyz esgeriň azat edilmegini üpjün edendigi aýan edildi

1882006
Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda teswirnama gol çekildi

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda serhetde bolan çaknyşyklardan soň, iki ýurduň Milli Howpsuzlyk gulluklarynyň başlyklarynyň arasynda parahatçylygy maksat edinýän teswirnama gol çekildi. 

Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk Döwlet komitediniň başlygy Kamçybek Taşiýew bilen Täjigistanyň Milli Howpsuzlyk Döwlet komitediniň başlygy Saýmumin Ýatimowyň Täjigistanda gepleşikler geçirendikleri habar berildi. 

Duşuşykda 16-njy sentýabrda ýerli wagt bilen sagat 16:00-da yglan edilen od açmazlyk baradaky ylalaşykdan soň, harby güýçleriň yzyna çekilmegi we ýagdaýyň durnuklylaşmagy üçin teswirnama gol çekilendigi mälim edildi. 

Taşiýewiň duşuşykda çaknyşyklarda Tajigistan tarapyndan saklanan 4 gyrgyz esgeriň azat edilmegini üpjün edendigi aýan edildi. 

Iki ýurduň harby güýçleriniň arasynda geçen hepdäniň anna güni ir bilen çaknyşyklar başdan geçirilipdi. 

Çaknyşykda taraplaryň ikisi hem adam pidalaryny çekipdi. 



Degişli Habarlar