TDG-nyň Baş Sekretary Azerbaýjana Duýgudaşlyk Bildirdi

Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew Azerbaýjan-Ermenistan serhet zolagynda bolan çaknyşyklarda aradan çykan Azerbaýjan esegerleri üçin duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap etdi.

1879579
TDG-nyň Baş Sekretary Azerbaýjana Duýgudaşlyk Bildirdi

TDG-dan berilen ýazmaça beýannama görä Baş sekretar Amreýew Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky serhet zolagynda “Ermeni ýaragly güýçleriniň harby meçew bermelerine alada bildirýändigini we ony ýazgarýandygyny” nygtady.

Amreýew Günorta Kawkazda yzgiderli parahatçylyk we durnuklylyk üçin Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky kadalaşma hem-de parahatçylyk tapgyrynyň ähmiýetine ünsleri çekdi.

Azerbaýjanyň halkara derejesinde ykrar edilen serhetleriniň territorial bitewiligine we onuň eldegirilmesizligine berýäň goldawyny ýene-de bir gezek nygtan Amreýew, Ermenistany iki goňşy ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklary berjaý etmäge çagyrdy.

Bagdad Amreýew; “Bak sekretarlyk adam pidalary sebäpli şehitleriň hossarlaryna, doganlyk Azerbaýjan halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirip, ýaralylara şypa dileýär” diýdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistanyň serhetde öňňin gije düýn irden dowam eden meçew bermeleri sebäpli 50 esgeriň şehit bolandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar