Kazanda Global Ýaşlar sammiti geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2022-nji ýylyň Ýaşlaryň paýtagty atly halkara çäresi bolan Kazan Global Ýaşlar sammiti geçirildi

1873374
Kazanda Global Ýaşlar sammiti geçirildi
kazan genclik zirvesi.jpg
kazan genclik zirvesi.jpg
kazan genclik zirvesi.jpg
kazan genclik zirvesi.jpg

"Ýaşlaryň mümkinçilik deňligi", "Medeniýetler arasy diýalog" we "Ýaşlaryň migrasiýasy" ýaly temalaryň ele alynan sammite, 20-den gowrak ýurtdan Ýaşlar ministrleri we orunbasarlary gatnaşdylar. 

Türkiýeden hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýaşlar forumynyň başlygy Taha Aýhan, Yslam taryhy, sungady we medeniýeti ylmy-derňew merkeziniň Baş müdüri Prof.Dr. Mahmud Erol Kylyç, Bütindünýä Etnospor konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan gatnaşdylar. 

Sammite mundan başgada ýaşlaryň syýasatlary bilen gyzyklanýan halkara guramalaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýaş işewürler we bilim dünýäsiniň ady belli wekilleri hem bolan jemi 300 adam gatnaşdy. 

"Medeniýetler arasy diýalog we ýaşlar üçin mümkinçilik deňligi" atly bölümde çykyş eden Yslam taryhy, sungady we medeniýeti ylmy-derňew merkeziniň Baş müdüri Prof.Dr. Mahmud Erol Kylyç, Kazanyň tapawutly dinlere, medeniýetlere we taryha eýedigini belläp: "Russiýanyň musulmanlary Russiýa Federasiýasy bilen YHG-na agza ýurtlaryň arasynda möhüm köpri bolup durýar" diýip habar berdi. 

Bütindünýä Etnospor konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan hem eden çykyşynda: "Bütindünýä Etnospor konfederasiýasy hökmünde spordyň milli görnüşlerine üns bermegiň möhümdigine ynanýarys. Sebäbi spordyň şol görnüşleri bizi köklerimize alyp gidýär" diýip mälim etdi. 

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýaşlar forumynyň başlygy Taha Aýhan hem Kazan Global Ýaşlar sammitine ýere eýeçilgiini edýänligi sebäpli Tatarstan respublikasynyň Prezidenti Rüstem Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, geçirilýän çäräniň ýaşlary, syýasatçylary ýaşlaryň global gün tertibe täs täsirli we manyly gatnaşyklary barasynda çykyş etmekleri üçin bir ýere jemländigine ünsleri çekdi. 



Degişli Habarlar