Ermeni Güýçleri Azerbjaýana Degişli Pozisiýalara Od Açmaga Dowam Edýär

Azerbaýjana degişli pozisiýalara 10 gezek od açylandygy habar berildi.

1864976
Ermeni Güýçleri Azerbjaýana Degişli Pozisiýalara Od Açmaga Dowam Edýär

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, soňky 24 sagatda ermeni ýaragly güýçleri tarapyndan Azerbaýjana degişli pozisiýalara 10 gezek od açylandygyny habar berdi.

Beýannamada, serhediň Kelbejer we Laçyn welaýatynda ýerleşýän pozisiýalara, Basargeçer, Karakilise we Gorus welaýatlaryndaky ermeni pozisiýalaryndan 6 gezek od açylandygy nygtaldy.

Beýannamada, Kelbejer, Goranboý we Fuzuli welaýatlaryndaky pozisiýalaryna hem tapawutly ýaraglar bilen 4 gezek od açylandygy bellenildi.

Beýannamada, Azerbaýjanyň goşunynyň hiç hili ýitgi çekmändigi bellenildi we hüjüme degişli gaýtawulyň berlendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar