Süleýman Soýlu, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Tarapyndan Kabul Edildi

Paýtagt Daşkentde bolan kabul edilşik 45 minut dowam etdi.

1861013
Süleýman Soýlu, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Tarapyndan Kabul Edildi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Özbegistana guraýan resmi saparynyň çäginde Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.

Paýtagt Daşkentde bolan kabul edilşik 45 minut dowam etdi.

Ministr Soýlu kabul edilşikde, Prezident R. T. Erdoganyň salamyny we ýagşy dileglerini Prezident Mirziýoýewe gowşurdy.

Kabul edilşikde iki ýurduň arasynda howpsyzlyk boýunça edilýän özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesi ara anlyp maslahatlaşyldy.

Kabul edilşige Özbegistanyň Içeri işler ministri Pulat Bobojonow bilen Türkiýäniň Içeri işler ministriniň orunbasary Ismail Çatakly hem gatnaşdy.

Süleýman Soýlu resmi saparynyň çäginde Özbegistanyň Içeri işler ministri Pulat Bobojonow bilen hem duşuşypdy.



Degişli Habarlar