Caparow TÜRKON-a Konferensiýasnyň Wekiliýetleriniň Başlyklaryny Kabul Etdi

Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Caparow Türki dilli döwletleriň Ýörite gulluklar (TÜRKON) konferensiýasnyň wekiliýetleriniň başlyklaryny kabul etdi.

1859489
Caparow TÜRKON-a Konferensiýasnyň Wekiliýetleriniň Başlyklaryny Kabul Etdi

Konferensiýa Türkiýäniň Milli howpsuzlyk guramasynyň Ballygy Hakan Fidan hem gatnaşdy.

Gyrgyzstanyň Prezidentiniň Metbugat merkezinden berilen beýannamada Caparowyň ýurdunyň Çolpon-Ata şäherinde guralan maslahata gatnaşýan wekiliýetleriň başlyklaryny kabul eden duşuşygynda, täze döwrüň meselelerini çözmek, kynçylyklaryň we howplaryň hötdesinden gelmek üçin täzeçil çemeleşmeleriň gerekdigini beýan edip; “Bu howplara we kynçylyklara garşy göreşde möhüm neticeler almagyň diňe durnukly we ylgamlaýyn işlemek, bilelikdäki we utgaşykly tagallalar bilen mümkindigini äşgärdir. Şol çäkde, bu platformanyň ýerlikli we neticeli işleriniň türki dünýäde howpsuzlygyň üpcün edilmegi taýdan bähbidine möhüm goşantlar goşcakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Maslahata gatnaşan ýurtlaryň ýörite gulluklarynyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň howpsuzlygy güýçlendircekdigini we halkara terrorizme, radikalizme we beýleki global meselelere garşy neticeli göreşe goşant goşcakdygyna ynanýandygyny beýan eden Caparow, gyrgyz tarapynyň şol esasda doganlyk türki halklar bilen neticeli işleşmäge isleg bildirýändigini beýan etdi.

TÜRKON Azerbaýcanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Türkiýäniň ýörite gulluklary tarapyndan 1998-nci ýylyň 20-nci maýynda Stambulda döredilipdi.

Özbegistan TÜRKON-a 2018-nci ýylda goşulypdy.



Degişli Habarlar