Orta Aziýa döwletleriniň liderleri Gyrgyzystanda jemlenişdiler

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň, hökümetara hyzmatdaşlyk we serhet babatyndaky komissiýalaryň işlerini işjeňleşdirjekdikleri aýan edildi

1858010
Orta Aziýa döwletleriniň liderleri Gyrgyzystanda jemlenişdiler
Orta Asya Cumhurbaşkanları Kırgızistan Isık-Göl 4.jpg
Orta Asya Cumhurbaşkanları Kırgızistan Isık-Göl 5.jpg
Orta Asya Cumhurbaşkanları Kırgızistan Isık-Göl 7.jpg

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Metbugat merkezinden berilen beýanatda, Prezident Sadyr Japarowyň, Çolpan-Ata şäherinde geçirilen Orta Aziýa ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň 4-nji geňeşme maslahatyndan soň, Täjigistanyň Prezident Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirendigi habar berildi. 

Gyrgyz-Täjik ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler bilen sebitleýin we halkara derejedäki meseleleriň ele alynan duşuşykda, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň, hökümetara hyzmatdaşlyk we serhet babatyndaky komissiýalaryň işlerini işjeňleşdirjekdikleri aýan edildi. 

Beýanatda liderleriň iki döwletiň we halklarynyň arasyndaky gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin dowamly häsýetde syýasy dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini belläp geçdiler. 

Beýleki tarapdan bolsa Sadyr Japarow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi. 

Türkmenistany örän möhüm ykdysady hyzmatdaş hökmünde görýändiklerini aýdan Japarow, iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň özgermegine uly ähmiýet berýändiklerini mälim etdi. 

Japarowa mähirli garşylanlygy üçin minnetdarlyk bildiren Serdar Berdimuhamedow, Geňeşmeler maslahatynyň Orta Aziýa sebitiniň meselelerini gözden geçirmek üçin ýokary derejede täze bir aragatnaşyk guraly ýagdaýyna gelendigini beýan etdi. 

Beýleki tarapdan Çolpon-Ata şäherine baran Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewiň hormadyna konsert programmasy geçirildi. 

Japarow ol ýerde eden çykyşynda Orta Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň gadymy wagtlardan bäri bilelikde parahatçylyk we ylalaşyk içinde ýaşandyklaryny habar berdi. 

Çolpon-Ata şäherindäki Ruh Ordo Medeniýet merkezinde geçirilen konsertde, Orta Aziýa ýurtlarynyň meşhur aýdym-sazlary ýerine ýetirildi. 



Degişli Habarlar