DKTR-nyň Parahatçylyk we Azatlyk Baýramy Gutly Mübärek Bolsun

Şentop, DKTR-nyň “Parahatçylyk we azatlyk” baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

1857307
DKTR-nyň Parahatçylyk we Azatlyk Baýramy Gutly Mübärek Bolsun

TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop, 48 ýyl ozal Türkiýäniň Kiprda üpjün edilen parahatçylygynyň, şu günki günde hem adanyň hem-de sebitiň durnuklylygynyň kepilnamasy bolmaga dowam edýändigini nygtady.

Şentop, DKTR-nyň “Parahatçylyk we azatlyk” baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

TBMM-niň başlygy Şentop ýüzlenmesinde “1974-nji ýylyň 20-njy iýulynda… 48 ýyl ozal Türkiýäniň Kiprda üpjün edilen parahatçylygy, şu günki günde hem adanyň hem-de sebitiň durnuklylygynyň kepilnamasy bolmaga dowam edýär. Kipr milli meselämiz, Kipr türk halky bolsa biziň bir bölegimiz. DKTR-nyň “Parahatçylyk we azatlyk” baýramy gutly mübärek bolsun” diýdi.

1974-nji ýylyň 15-nji iýulynda Gresiýa tarapyndan goldanýan Enosis, Kipr adasynyň Gresiýa bilen birleşmegini isleýänler, grek ýaragly EOKA guramasynyň agzalary Kipr türkleriniň barlygyny dolulygyna ýok etmek we Türkiýäni Egeý deňizi bilen birlikde Ortaýer deňizinde gabaw astyna almak islediler. Türkiýe Respublikasynyň hemaýatkärlik hukugyna laýyklykda doly 48 ýyl ozal 1974-nji ýylyň 20-nji ýylynda birinji we 1974-nji ýylyň 14-nji awgustynda ikinji parahatçylyk operasiýas gyralypdy.



Degişli Habarlar