Goşun Generaly Selçuk Baýraktar DKTR-da Saparda Bolýar

DKTR-nyň Prezidenti Tatar, Baş ştabyň ikinji başlygy goşun generaly Selçuk Baýraktary kabul etdi.

1856904
Goşun Generaly Selçuk Baýraktar DKTR-da Saparda Bolýar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Baş ştabyň ikinji başlygy goşun generaly Selçuk Baýraktary kabul etdi.

Tatar, kabul edilşikde, Kipr parahatçylyk operasiýasynyň şu ýyl 48 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini nygtap, şehitlere rehnet, gahrymanlara minnetdarlyk bildirdi.

Kipr türkleriniň gyrgynçylygy başdan geçirendigini we Türkiýäniň goldaw bermeginde tutanýerli göreşinden ýüz öwürmändigini nygtan Tatar, 1974-nji ýylyň 20-njy iýulynda türk esgeriniň ada gelendigini we DKTR-nyň gurlandygyny ýatlatdy.

Kiprde federal ulgama esaslanan gepleşikleriň netije bermändigini aýdan Tatar, Kipriň grek böleginiň federal ulgamy Kipriň grek böleginiň we Gresiýanyň üstünligi hökmünde görmek isleýändigini belledi.

Deň hukukly iki özbaşdak döwletiň gurulmagyny we Ada-da parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegini maksat edinýändiklerini aýdan Tatar, alnyp barylýan täze syýasata Türkiýäniň hem doly goldaw berýändigini ýatlatdy.

Baş ştabyň ikinji başlygy goşun generaly Selçuk Baýraktar hem DKTR-da saparda bolmakdan hoşaldygyny we deň hukukly özbaşdak iki döwletiň gurulmagyna goldaw berýändiklerine ünsi çekdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar