Stambul-Buraha Uçar Saparlary Başlady

THÝ-nyň 339-njy uçuş nokady bolan Buhara TK266 sapary bilen gonan Airbus A321neo kysymly uçar howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.

1839133
Stambul-Buraha Uçar Saparlary Başlady

Türk Howa ýollary, Orta Aziýada 2 müň 500 ýyllyk taryhy geçmişe eýe bolan we BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO tarapyndan Dünýäniň medeni miras sanawyna alynan Özbegistanyň gadymy Buhara şäherine uçar saparyny guramaga başlady.

THÝ-nyň 339-njy uçuş nokady bolan Buhara TK266 sapary bilen gonan Airbus A321neo kysymly uçar howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Howa menzilinde geçirlen dabarada çykyş eden Türkiýäniň Özbegistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Olgan Bekar, Stambul-Buhara saparynyň düşümli bolmagyny diledi.

THÝ-nyň Buhara saparynyň başlamagynyň Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýeten sepgidigini görkezýändigini nygtan Bekar, “Prezidentimiz R. T. Erdoganyň  tutanýerli tutumynyň çäginde THÝ hem öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirýär. Şu gün Özbegistanda 5-nji nokada uçar saparymyz başlady. Özbegistanyň Howaýollary hem Türkiýä guraýan uçar saparlaryny dowam etdirýär. Hepdelik uçar saparlarynyň sany 40-dan geçdi. Buhara guraljak uçar saparlarynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berjekdigine ynanýaryn” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar