TEKNOFEST Azerbaýjanda öz işine başlady
Dünýäniň iň uly Awiasiýa, älem we tehnologiýa festiwaly TEKNOFEST Azerbaýjanda öz işine başlady
Türkiýäniň tehnologiýa topary gaznasy, Azerbaýjanyň Sanly özgeriş we transport ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Senagat we Tehnologiýa ministrliginiň ýolbaşçylyk etmeginde, ýurdyň möhüm guramadyr-edaralarynyň goldaw bermeginde Baku Kristal Holl we Deňiz Kenary Bulwary seýilgähinde TEKNOFEST Azerbaýjan öz işine başlady.
Festiwalyň açylyş dabarasyna Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Azerbaýjanyň Sanly özgeriş we transport ministri Reşat Nebiýew, Prezidentiň Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir, TEKNOFEST Dolanşyk geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktar, Türkiýeden we Azerbaýjandan köp sanda guramadyr kärhananyň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Festiwalyň çäginde 29-njy maýa çenli biri-birinden tapawutly çäreler, tehnologiki ýaryşlar geçiriler.
Türkiýäniň möhüm goranyş senagat we tehnologiýa kärhanalary, TEKNOFEST Azerbaýjanda açan pawilýonlarynda önümlerini we mümkinçiliklerini sergilärler.
Degişli Habarlar
Gazagystan Erän Gar Suwlaryna Garşy Göreşýär
Suwyň aşagynda galan obalardan 613-i çaga 2 müň 54 adam başga ýere göçürildi.