Russiýa-Musulman Dünýäsi:Kazan 2022 Sammiti Geçirildi

Şu ýyl 13-nji geçirlen sammite 64 ýurtdan 6 müň 388 adam gatnaşdy.

1830366
Russiýa-Musulman Dünýäsi:Kazan 2022 Sammiti Geçirildi
kazan expo.jpg

Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda halkara Russiýa-Musulman Dünýäsi:Kazan 2022 sammiti geçirildi.

Şu ýyl 13-nji geçirlen sammite 64 ýurtdan 6 müň 388 adam gatnaşdy.

Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinen sammite syýasatçylar, işewür adamlary, maýadarlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we halkara finans guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Sammitiň çäginde saglygy goraýyş pudagyndan ykdysadyýete, oba hojalykdan ulag önümçiligine çenli birnäçe ugurda 10-dan gowrak hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Sammitiň çäginde şeýle hem şu ýyl 5-nji geçirlen “Russiýa Halal Expo 2002” sergisi geçirildi.

Helal senagatynyň tanyşdyrylmagyny we senagata goldaw berilmegini maskat edinýän sergä, azyk, saglygy goraýyş, kosmetika we himiýi pudagy bilen birlikde syýahatçylyk, moda we finan pudagynda iş alyp barýan firmalar gatnaşdy.

 


Etiketkalar: #sammit , #sergi , #halal , #Kazan , #Tatarystan

Degişli Habarlar