Aliýew Bilen Paşinýan Brýusselde Üçünji Gezek Duşuşar

Aliýew bilen Paşinýan 22-nji maýda ÝB Geňeşinin başlygy Çarles Mişel bilen Brýusselde duşuşar

1829925
Aliýew Bilen Paşinýan Brýusselde Üçünji Gezek Duşuşar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan üçünji gezek Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşar.

Aliýew bilen Paşinýanyň 22-nji maýda ÝB Geňeşinin başlygy Çarles Mişel bilen Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşjakdygy habar berildi.

ÝB Geňeşi, Mişeliň ilki Aliýew we Paşinýan bilen aýry aýry duşuşjakdygyny soň bolsa üçtaraplaýyn duşuşygyň geçiriljekdigini mälim etdi.

Üç lideriň Brýusseldäki ilkinji duşuşygy 14-nji dekabrda, ikinjisi 7-nji aprelde geçirlipdi.

Mişel duşuşykdan soň beren beýannamasynda, parahatçylyk şertnamasynyň taýarlanmagyny maksat edinýändiklerini aýdypdy.

 

 



Degişli Habarlar