TBMM-niň Başlygy Şentop Azerbaýjana Gitdi
Şentop Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň 3-nji maslahatyna gatnaşar.
1827532
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop parlamentara toparyň agzalary bilen birlikde Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa gitdi.
Şentopyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Bakuda maý aýynyň 16-18-i aralygynda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň 3-nji maslahatyna gatnaşar.
TBMM-niň başlygy Şentop iş saparnyň çäginde şeýle hem Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen duşuşar.